Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň basketbol ýygyndylarynyň YRO-daky garşydaşlary belli boldy

22:5206.07.2022
0
5377

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndylarynyň Yslam raýdaşlyk oýunlaryndaky garşydaşlary belli boldy. Bu barada Azerisport habar berýär.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Gyrgyzystanyň, Yragyň, Surinamyň we Sudanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Zenanlar ýygyndymyz bolsa Azerbaýjanyň, Indoneziýanyň we Maliniň ýygyndylary bilen duşuşarlar.

Yslam raýdaşlyk oýunlary şu ýylyň awgust aýynda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçiriler. Oýunlaryň çägindäki 3x3 basketbol boýunça ýaryşlar 13 ― 17-nji awgust günlerinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň