Gazagystanly 23 ýaşly tennisçi Ýelena Rybakina «Uimbldonyň» çärýek final tapgyryndan üstünlikli geçip, öz karýerasynda ilkinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň ýarym finalynda korta çykmaga hukuk gazandy. Ol çärýek finalda 4-6, 6-2, 6-3 hasabynda Aýla Tomlýanowiçi ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de şu gün oýnalan çärýek final tapgyrynyň ýene bir duşuşygynda rumyniýaly Simone Halep amerikaly Amanda Anisimowadan 6-2, 6-4 hasabynda üstün çykyp, ýarym final ýollanmasyny özüniňki etdi. Ertir oýnaljak ýarym final duşuşyklarynda Ýelena Rybakina Simone Halep bilen, tunisli Uns Jaber bolsa germaniýaly Tatýana Mariýa bilen final ýollanmasy üçin göreşer.
Ekologiýany giňden goldaýan 7 sany meşhur şahsyýet
