«NurAý» dükanynda italýan mahmalyna 50% arzanladyş yglan edildi

12:3006.07.2022
0
18625

Aşgabatda ýerleşýän Ýewropa önümçiligine degişli matalar dükany «NurAý» Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýokary hilli italýan mahmalynyň ähli görnüşlerini 30%-den başlap 50% çenli arzanladylan bahadan satyn almaga çagyrýar. Baýramçylyk aksiýasy 31-nji iýula çenli dowam eder.

Reňkleriň köpöwüşginliligi we ykrar edilen Ýewropa hili mahmal matasynyň muşdaklarynyň göwnünden turar, bu mata gadymdan bäri belent derejäniň nyşanydyr, häzirki wagtda bolsa türkmen modasynyň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüldi.

«NurAý» dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, «Bagtyýarlyk» söwda merkezi, 2-nji gat, dükan №13. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 96 66 67, (+993 62) 04 63 17.

Mahmal baradaky ilkinji maglumatlar XIII asyra degişli Wenesiýanyň kitaplarynda beýan edilýär. Şondan bäri hem öz hili bilen meşhurlyk gazanan italýan mahmaly, nyrhynyň ýokarydygyna garamazdan, dünýäniň iň köp isleg bildirilýän matalarynyň biri bolmagynda galýar.

«NurAý» dükanynyň Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de ähli welaýatlara hem eltip bermek hyzmaty bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň