«Dostluk» Moskwada geçirilen ýaryşy ikinji orunda tamamlady

20:0702.07.2022
0
3937
«Dostluk» Moskwada geçirilen ýaryşy ikinji orunda tamamlady

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen Ýewraziýa klublarynyň üçünji futbol ýaryşynda Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň (GOÝÇÝSM) «Dostluk» topary kümüş medala mynasyp boldy.

«Dostluk» topary finalda Minsk şäheriniň (Belarus Respublikasy) ýetginjekler ýygyndy topary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Netijede, ýeňiji penaltiler arkaly kesgitlenildi. Çekeleşikli geçen bäsdeşlikde 6:5 hasabynda belarusly ýetginjekler öňe saýlandy.

Ýaryşda türkmen ýetginjekleriniň ikisi — Jemşit Mädeminow hem-de Annamyrat Meredow ýaryşyň iň gowy hüjümçileri diýlip yglan edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen topary bu ýaryşda ilkinji duşuşygyny Belarusyň çagalaryndan düzülen topar bilen geçirip, ýeňlişe sezewar boldy. Ikinji oýnuny Russiýanyň «FŞM» toparynyň garşysyna geçiren türkmen ýygyndysy 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparçanyň ahyrky oýnunda bolsa, türkmenistanly çagalar «Torpedo» toparyny 5:1 hasabynda utdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň