Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada suw joşmasyndan goralan öý döredildi

15:2626.06.2022
0
2313

Ýaponiýaly inženerler suw joşmasyndan doly goralan öýüň tejribe nusgasyny hödürlediler. Mir24 saýtynyň habar bermegine görä, synagyň barşynda desga tejribe suw joşmasyna sezewar edildi. Öýüň töwereginde suw göterilip başlanda desga ýerden az-kem göterilip, hamala howada gaýýan ýaly ýagdaýa geldi.

Taslamany işläp taýýarlaýjylaryň düşündirmegine görä, öý topraga oturdylan mäkäm demir içlige berkidilýär. Hut şu hem suwuň derejesiniň adatdan daşary ýagdaýa ýeten wagtynda şol bir ýerinde durmagyny kepillendirýär. Ýörite tanaplar bolsa, öýi ýokary göterip, suwuň otaglara gelmeginiň öňüni alar.

Synag desgasy ýörite wentilýasiba geçirijileri bilen üpjün edildi, olar suw joşanda ýapylyp, ýörite klapanlar suwuň düşmegine päsgelçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň