Aşgabatda «Jaz we onuň töweregi» atly konsert geçiriler

18:0126.06.2022
0
7782

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 8-nji iýulda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Jaz we onuň töweregi» atly aýdym-sazly konserte gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu konsertde Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew, Ilgiz Galimow (tenor-saksofon), Babaguly Goşaýew (truba), Döwran Gylyjow (trombon), Wladimir Mkrtumow (klawiş), Aram Bezikýan (kakuwly saz gural) hem-de Igor Şewsow (bas-gitara) ýaly aýdymçy-sazandalar çykyş edýär.

Konsertiň dowamynda şeýle-de meşhur jaz sazlary ýaňlanar. Konsert 19:00-da başlanar.

Gatnaşmak üçin petekler barada şu telefon belgilere jaň edip gyzyklanyp bilersiňiz: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň