Soňky habarlar

Arhiw

Dragon Oil Hazaryň türkmen kenaryndaky işlerini tizleşdirer

11:2025.06.2022
0
18870

Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasy Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrar. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnamada meýilleşdirilýär.

Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, hödürlenen teklipleri makullap, ulgama gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Abdrahmanowa bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşen. Kompaniýa 2000-nji ýylyň maý aýyndan bäri iş alyp barýar. Geçen döwürde operatoryň maýa goýumlary ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak boldy.

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk 25 ýyllyk möhlet bilen baglaşylyp, 2025-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň