Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesi berildi

21:5324.06.2022
0
3760
Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesi berildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Mämmedowa «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesini bermek hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berip, ony hormatly Prezidentiň garamagyna hödürledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ähli beýleki ulgamlar bilen birlikde, häzir türkmen medeniýetini we sungatyny kämilleşdirmegiň, baýlaşdyrmagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady hem-de hödürlenen resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, döredijilik işgärlerine ýurduň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň