Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Daşkent» seýilgahiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, Türkmenistan we Tatarstan «KAMAZ» hem-de «Tatneft» taslamalary boýunça haryt dolanyşygyny artdyrmaga taýýar we beýleki habarlar

10:3118.06.2022
0
15564
Aşgabatda «Daşkent» seýilgahiniň gurluşygy tamamlanyp barýar, Türkmenistan we Tatarstan «KAMAZ» hem-de «Tatneft» taslamalary boýunça haryt dolanyşygyny artdyrmaga taýýar we beýleki habarlar

1. Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Seýilgähiň çäginde Daşkent şäheriniň gözel künjekleriniň kiçeldilen görnüşleri ýerleşdirilendir.

2. Türkmenistan «KAMAZ» AGPJ, «Tatneft» AGPJ, KER-Holding, Kazan dikuçar zawody, «Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasy boýunça taslamalaryň çäklerinde Tatarstan bilen haryt dolanyşygyny artdyrmaga taýýar. Bu babatda Kazanda geçirilen türkmen-tatar Işewür toparynyň duşuşygynda bellenildi.

3. 19-njy iýunda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli Aşgabadyň botanika bagynda el işleriniň ýarmarkasy geçiriler. Myhmanlara elde taýýarlanan sowgatlyklar, oýunjaklar, bezeg önümleri garaşýar.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty «Dialog – parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşigini yglan etdi. Teklip edilýän mowzuk boýunça ylmy makala taýýarlamaly we 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hgi.hgddek@online.tm elektron salgysyna ibermeli.

5. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri terrorizmiň öňüni almak boýunça sebitleýin onlaýn-maslahata gatnaşdylar. Maslahat «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäklerinde ÝHHG Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guraldy.

6. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp joşguny-2022» festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri içki saýlama tapgyrlaryna gatnaşyp, ýeňiji bolan döredijilik toparlaryny tanyşdyrdylar.

7. Ähli döwürlerde maşgala ojagynyň eýeleri ony dürli bezegler bilen bezäp, öýüň içinde rahatly döretmäge çalşypdyrlar. Iň köp ulanylýan bezegleriň hatarynda adamlaryň, haýwanlaryň, goşlaryň ýa-da mifiki jandarlaryň şekiljikleri bar. Bezelen metal şemdanlar, dürli görnüşli heýkeller ýaly birnäçe sowgatlyklaryň baý toplumyny zemmhome.com.tm dükanynyň web-saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

8. Kezzaplyk piramidasynyň ýöredilýändigi barada aýyplama bilen Ilon Maska, «SpaceX» we «Tesla» garşy kazyýet arzasy berildi. ABŞ-niň ýaşaýjysy Kit Jonson Masky we onuň kompaniýalaryny «Dogecoin» kriptowalýutasynyň bahasyny peseltmek üçin bikanun kezzaplyk shemasyny döredendigi bilen günäkärleýär. Talap arzasynyň bahasy $258 mlrd amerikan dollaryna deňdir.

9. Gruziýada Daşbaşi kanýonynyň üstünden özboluşly aýna köpri guruldy. 240 metrlik desga 300 tonna çenli agramy götermäge ukyplydyr. Adaty bolmadyk köpriniň merkezinde göwher daşy şekilinde kafe ýerleşip, ondan kanýonyň özüne çekiji gözel keşbi açylýar.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Malaýziýadan dolanyp geldi, bu ýerde Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklar geçirilipdi. Türkmenistana «Altyn asyryň» futbolçylaryndan galany dolandy. Olar merkezileşdirilen AFK Kubogy-2022 çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistana ugradylar.

11. Saparly Muhyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýäniň birinjiligi ugrunda Meksikada geçirilýän çempionatda kümüş medala eýe boldy. Türkmenistanly türgen 96 kg çenli agram derejede jemi 300 kg götermegi başardy (133 167). Gruziýa wekilçilik edýän Gerwasi Tabagari 317 kg netije bilen (177+140) ýeňiji boldy. Meksikada geçirilýän dünýäniň birinjiligi-2022 çempionatynyň medallary ugrunda 20 sany agram derejede 39 döwletden 205 sany türgen özara güýç synanyşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň