Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Botanika bagynda senetçileriň ýarmarkasy geçiriler

14:5817.06.2022
0
6385

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Botanika bagy maşgala dynç alyşlary üçin örän göwnejaý ýer. Bu ýerde kölegeler bilen örtülen ýodalardan aýlanyp, dürli görnüşli ösümlikleri we gülleri, baglary synlamak şähdiňi açýar. Ajaýyp baglygyň gujagyndaky suwlarda ýüzüşýän ördekler we beýleki guşlar, gün şöhlesine öwşün atýan bedewler tebigatyň täsin parçasyny döredýär.

19-njy iýunda bolsa bu gözellikler bilen birlikde täsin bagda senetçileriň ýarmarkasyna tomaşa edip bilersiňiz. Size bu günde ýadygärlik sowgatlyklary, oýunjaklar, bezegler ýaly dürli el hünär işleri tanyşdyrylar.

Senetçileriň ýarmarkasy sagat 10:00-dan 18:00-a çenli aralykda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň