Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Meksikadaky dünýä çempionatynda ilkinji uly medalyny gazandy

16:0017.06.2022
0
10539

Türkmenistanly agyr atletikaçy Saparly Muhyýew Meksikanyň Leon şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä birinjiligine kümüş medala mynasyp boldy. Munuň özi ozal iki sany «kiçi» medal gazanan türkmen türgenleriniň bu çempionatdaky ilkinji uly üstünligidir.

17 ýaşly ildeşimiz 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ştandany silterläp götermekde 133 kilogram agyrlygy eýgerip ýedi türgeniň arasynda ikinji orny eýeledi. Itekläp galdyrmakda bolsa 167 kilogram agyrlygy başynyň üstüne çykaran türgen bu dereje iň gowy netijeleriň üçünjisini gazandy. Şeýlelikde, ýaryşy 300 kilogramlyk netije bilen tamamlan Saparly umumy hasapda kümüş medala mynasyp boldy.

Bu agram derejesinde gruziýaly Gerwasi Tabagari 317 kilogramlyk (140+177) netije bilen altyn medala mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa ýerli türgen Pablo Medina Konteras çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň