Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem beýleki degişli döwlet edaralarynyň wekilleri terrorçylyga garşy göreşmek boýunça 14-16-njy iýunda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Okuw maslahaty ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny berkitmek atly taslamanyň çäklerinde geçirildi.
Maslahatyň barşynda möhüm infrastrukturany terrorçylyk howplaryndan goramak we binalaryň ebediligine gönükdirilen çäreleri güýçlendirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem agzalan meselede milli hukuk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň wajyplygy we bu ugurda halkara düzgünnamalaryň işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy diýlip, Gulllugyň saýtynda habar berilýär.