Arhiw

Türkmenistanyň kompýuter sporty boýunça Hazaryň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşmagyna garaşylýar

17:3615.06.2022
0
5618

1 ― 9-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde kompýuýet sporty boýunça «Hazar kubogy» atly halkara ýaryş geçiriler. Bu barada Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Bu festiwala Türkmenistandan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Belarusdan we Özbegistandan kibersportçylar gatnaşar. Şeýle hem Astrahan oblastynyň ýygyndy topary ýer eýesi hökmünde ýaryşa wekilçilik eder.

Ýaryş Dota 2 boýunça geçiriler. Ilkinji tapgyrda toparlar ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşerler. Her duşuşygyň ýeňijisine 3, deňme-deň oýnana 1 utuk berler. Ýaryşyň iň gowy topary bolsa arzyly kuboga mynasyp bolar.

Ýaryş onlaýn görnüşde geçiriler. Final duşuşygy 9-njy sentýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň