Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti bilen türgenleri taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirer

17:2715.06.2022
0
1016

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän baş edarasynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedowyň HOK-yň Olimpiýa raýdaşlygy departamentiniň başlygynyň orunbasary Edward Kensington, Milli Olimpiýa Komitetleri bilen hyzmatdaşlyk departamentiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de türkmen türgenlerini halkara derejede taýýarlamagy kämilleşdirmegiň maksatnamasy hakynda pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň