Türkmenistanly agyr atletikaçy gyz ýaşlaryň dünýä birinjiliginde altynjy orny eýeledi

23:0113.06.2022
0
18152

Meksikanyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä birinjiliginde türkmenistanly gyz Ogulşat Amanowa altynjy orna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçen bu ýaryşda iň ýaş türgenleriň biri bolmak bilen, türkmenistanly agyr atletikaçy gyz 45 kg agramda 12 türgeniň hatarynda 6-njy orny eýeledi.

Ogulşat Amanowa sportuň bu görnüşi bilen kakasynyň — Türkmenistanyň ýokary ussatlyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýaş gyzlar ýygyndy toparynyň (17 ýaşa çenli) tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň tälim bermeginde türgenleşýär.

Meksikada geçýän bu ýaryşa Ýer ýüzüniň 39 ýurdundan 205 türgen (115 gyzjagaz we 90 ýetginjek) 20 sany agram derejesinde gatnaşýar. Türkmenistandan bolsa ýaryşda 7 türgen, has takygy 4 gyz hem-de 3 oglan türgen dürli agram derejede güýjüni synaýar.

Bellesek, bu ýaryşda türkmenistanly türgen Perhat Bagtyýarow 55 kg-a çenli agram derejesinde 125 kilogram ştangany silterläp götermekde kiçi kümüş medala eýe boldy. Ol bu ugurda ştangany birbada götermek ýaryşynda 6-njy ornuň netijesini görkezdi. Ikileýin ýaryşda bolsa 222 kg agramlyk netije görkezmek bilen 4-nji orna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň