Soňky habarlar

Arhiw

CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy

21:0513.06.2022
0
18142
CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy
Surat: YouTube лфтфдн TMeSF

Counter-Strike: Global Offensive kompýuter oýny boýunça Türkmenistanyň Kubogy — 2022 ýaryşynda Aşgabat şäheriniň «Galkynysh Esports» topary ýeňiş gazandy. Ýaryşyň final tapgyrynda olar «Garagum» toparyndan 3:0 netije bilen üstün çykdylar.

Şunlukda elektron oýnunyň türgenleriniň ýeňşi olara 15 000 manat möberdäki pul baýragyny bagyş etdi.

Toparyň düzüminde Alensandr Akimow, Meret Welmyradow, Marat Koçkarow, Mark Nasibulin, Yslam Nepesow we Begenç Mürzäýew dagy çykyş etdi. Bu topar ýaryşyň bütin dowamynda ýeke gezek hem ýeňilmedi.

Umumylykda, ýaryşda birinji, ikinji hem-de üçünji orunlara eýe bolan toparlar 30 000 manat möçberdäki baýragy özara paýlaşdylar. Netijede, «Garagum» topary 10 000 manat, «Tormenta» topary bolsa 5 000 manat baýraga mynasyp boldy.

CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy — 2022 ýaryşy 6 — 12-nji iýun aralygynda geçirildi. Ýaryşa 22 sany türkmen topary gatnaşdy.

Ýaryş Türkmenistanyň elektron sport federasiýasy we AT Cybersport tarapyndan guraldy.

Ýaryşyň wideoýaýlymyny şu ýerden görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň