Türkmenistanda CS:GO boýunça baýrak gaznasy 30 müň manat bolan ýaryş geçiriler

11:0501.05.2022
1
23597

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy resmi saýtynda şu ýylyň 6 ― 12-nji iýunynda Counter-Strike: Global Offensive boýunça geçiriljek Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş üçin hasaba alnyşygyň başlandygyny habar berdi. Ýaryşyň baýrak gaznasy 30 müň manada barabardyr.

Gatnaşjaklardan ýüztutmalar şu ýylyň 31-nji maýyna çenli Milli federasiýanyň resmi saýtynda kabul ediler. Ýaryşa 13 ýaşdan geçen häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan ildeşlerimiz gatnaşyp biler.

Toparlar hasaba alnansoň, olar toparçalara bölüner. Ilki bir utuşdan toparçalaýyn duşuşyklar geçiriler. Iň güýçli 8 topar ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykar. Bu tapgyrda iki ýeňşe çenli usulda offlaýn görnüşde ýaryşlar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
umyt00 ( 25.07.2023 )

salam tmesf sayty acanok 404 ashibka berya nadip yazylyp bilern cs go gatnasmak ucin hayys jogap berayin

0