Aşgabat Aurus Senat rus limuzinini satyn aldy

11:0911.06.2022
0
74147

Türkmenistanyň Hökümeti Aurus Senat Limousine awtomobilini satyn aldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa resmi saparynyň wagtynda bu ulagda hereket etdi diýip, TASS habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, awtoulagyň bu görnüşi ballistiki gorag babatda dünýäde iň ýokary derejä eýedir we iň howpsuz ulag serişdesi bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Aurus Senat awtoulagynda Prezident Wladimir Putin, şeýle hem rus Hökümetiniň agzalary hereket edýär.

Aurus awtoulaglary — bu RF-niň Senagat we söwda ministrliginiň sargydy boýunça öndürilýän ýokary derejeli awtoulaglardyr. Aurus Senat ulagynyň tapgyrlaýyn önümçiligi Ýelabug zawodynda 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda başlandy.

2019-njy ýylda awgustda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar Ykdysady forumynyň çäklerinde Aurus modeliniň ýörite ekzemplýarlarynyň biri Gurbanguly Berdimuhamedowa görkezildi.

Aurus awtomobiliniň ady latynça Aurum (altyn) we iňisçe Russia sözüniň başky üç harpyndan emele gelen. Bu awtoulagyň ilkinji eksport nusgalary BAE, Bahreýne we Azerbaýjana iberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň