Amerikaly kinoaktýor we öňki polisiýa işgäri, «Ýakymly äpet adam» lakamly Jorj Bell 68 ýaşynda aradan çykdy. 238 santimetre golaý boýy bolan Bell ABŞ-da iň uzyn adam hökmünde meşhurdy. Bu barada ýurduň Norfolk şäheriniň şerifiniň edarasyna salgylanýan «WTKR» teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Biz şerifiň öňki orunbasary Jorj Belliň aradan çykandygy barada hesret çekýäris» diýip, polisiýa edarasynyň habarnamasynda bellenýär.
Surat: Oxu.az
Jorj birnäçe seriallarda hem surata düşdi, olaryň arasynda 2011-nji ýyldan bäri ýerli teleýaýlymlarda görkezilip gelinýän «Elhençlikleriň amerikan taryhy» atly serial hem bar. 2007-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby Belli ABŞ-da iň uzyn boýly adam hökmünde ykrar etdi.
Jorj Bell 1957-nji ýylda Wirjiniýa ştatynyň Portsmut şäherinde dünýä indi. Ol adaty çaga bolup doguldy, emma ösüşinde näsazlyk döräp, onda gigantizm keselini anykladylar. Ol basketbol oýnady, kino düşdi we polisiýada işledi.