Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen natriý hloridini we portlandsementi satyn aldylar.
Mundan başga-da, Hytaýyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni, aşgarlanmadyk matalary, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlaryny, aşgarlanmadyk nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 77 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 10 million 446 müň manada deň bolan polipropileni, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasy), pagta süýümini satyn aldylar.