Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň welaýatlarynda müňlerçe agaç nahallary oturdyldy

08:4124.03.2025
0
9566

22-nji martda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň welaýatlarynda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki birkemsiz taýýarlanan ýer welaýat derejesinde bag ekmek dabarasynyň geçirilen merkezi boldy. Ol ýerdäki dabaranyň dowamynda 10 gektar meýdanda pürli bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Şol gün welaýatyň çäginde 76,4 gektar meýdanda dürli bag nahallarynyň jemi 56 müň 297 düýbi, şol sanda pürli agaçlaryň 4 müň 850, tuduň 27 müň 152, miweli baglaryň 21 müň 445, üzümiň bolsa 2 müň 850 düýbi oturdyldy. Ählihalk zähmet baýramçylygynda raýatlaryň 32 müň 132-si agaç nahallaryny oturtmaga, 24 müň 60-sy bolsa ekilen baglaryň ideg işlerine gatnaşdy. Zähmet baýramçylygynyň dowamynda ekilen baglaryň 114 müňe golaýyna ideg işleri göwnejaý alnyp baryldy.

Ählihalk bag ekmek dabarasy Balkan welaýatynda Balkanabat şäheriniň «Balkan» köpugurly söwda bazarynyň golaýynda ýaýbaňlandyryldy. Oňa balkanlylaryň 32 müň 504-si gatnaşyp, bir günüň dowamynda ýaş nahallaryň jemi 35 müň 888-sini oturtdylar. Şonuň 10 müň 723-si dürli miweli baglaryň nahallarydyr. Şeýle hem şol gün 59,5 müň çemesi öňden ösüp oturan baglara ideg-timarlaýyş işleri geçirilip, olaryň düýpleri ýumşadyldy. Bir günüň dowamynda welaýat merkezinde saýlanyp alnan 10 gektar ýerde oturdylan pürli we saýaly baglaryň sany 4 müňe ýetdi. Şu ýyl welaýat boýunça jemi 300 müň düýp bag nahaly oturdylar.

Daşoguz welaýatynda ýazky ählihalk bag ekişine Daşoguz — Aşgabat ýolunyň ugrunda döredilýän ýaşyl zolagyň çäginde taýýarlanan ýerde badalga berildi. Şol gün bu ýerdäki 10 gektar meýdanda bag nahallarynyň 4 müň düýbi ekildi. Şu ýyl welaýat boýunça agaç nahallarynyň 300 müň düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň 150 müň düýbi ýaz, deň ýarysy bolsa güýz aýlarynda ekiler. Şu ýyl ekiljek baglaryň 50 müňüsi miweli, 200 müňüsi pürli hem saýaly, ýene-de 50 müňüsi bolsa tut nahallarydyr. Şu möwsümde üzüm nahallarynyň oturdylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Ýazky bag ekiş möwsümine badalga berlen gün Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde pürli we miweli baglaryň, tut nahallarynyň jemi 68 müň düýbi ekildi.

Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri-de ählihalk bag ekmek dabarasyna uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Welaýat derejesinde bu möhüm çärä bu ýyl Türkmenabat şäheriniň günorta-gündogar çetindäki, Türkmenabat — Mary ýolunyň ugrundaky 10 gektar meýdanda badalga berildi. Öňünden tekizlenen, kemsiz taýýar edilen bu ýere ir säherde dürli agaç nahallarynyň 4 müň düýbi getirildi. Welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde bir günde jemi 44 müň 152 düýp dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy. Olaryň arasynda 19 müň 902 düýp tut nahaly bar. Bulardan başga-da, welaýatyň bagbanlary 8200 düýp miweli agaç nahallaryny ekip, öňden bar bolan baglaryň üstüni ýetirdiler.

Mary welaýatynyda esasy dabara Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň 19-njy kilometrliginde, Mary etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektara barabar meýdanda geçirildi. Bu ýere 2 müň çemesi adam ýygnandy. Öňünden taýýarlanylan meýilnama görä, ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat boýunça 75 müň 876 adam gatnaşyp, olaryň 17 müň 493-si bag nahallaryny oturtmak, 58 müň 383-si ozaldan bar bolan baglara ideg etmek işlerini ýerine ýetirdiler. Netijede, şol gün welaýat boýunça täze oturdylan baglaryň sany 48 müň 640-a barabar boldy. 173 müň 500 düýp çemesi baga bolsa ideg edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň