Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Namibiýada ýurduň taryhynda ilkinji zenan Prezident kasam kabul etdi

09:1124.03.2025
0
6210
Namibiýada ýurduň taryhynda ilkinji zenan Prezident kasam kabul etdi
Surat: Rg.ru

Namibiýanyň taryhynda ilkinji zenan döwlet Baştutanynyň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi, bu waka ýurduň Garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 35 ýyllygyna gabat geldi. Halkyň taryhyndaky bu möhüm waka şähere düşen güýçli çabga hem kär edip bilmedi. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, kasam kabul edişlik Garaşsyzlyk stadionyndan Prezident köşgüne – Döwlet öýüne geçirildi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Prezident zenan Nandi-Ndaýwa Günorta Afrikanyň «SABC» teleýaýlymyna beren interwýusynda golaý bäş ýylda azyndan 500 müň iş ornuny döretjekdigini wada berdi hem-de işsizlige garşy göreşi özüniň Prezident maksatnamasynda esasy orunda goýýandygyny nygtady.

Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasyna Angolanyň, GAR-yň we Tanzaniýanyň döwlet Baştutanlary-da gatnaşdylar.

72 ýaşly Nandi-Ndaýtwa 2024-nji ýylyň dekabrynda geçen Prezident saýlawlarynda sesleriň 57,3 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Ol öň Namibiýanyň Prezidentiniň orunbasarydy. Nandi-Ndaýtwa 1990-njy ýylda Namibiýany GAR-yň aparteid düzgüninden garaşsyzlyga getiren «South West Africa’s Peoples Organization» (Günorta-Gündogar Afrikanyň halk guramasy) partiýasynyň weteranydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň