Türkmenistan «Dünýäniň merjeni – 2022» bäsleşigine gatnaşdy, aşgabatly konditeriň hakyky şekillere meňzeş tortlary, bilelikdäki rus-türkmen uniwersiteti we beýleki habarlar

09:4611.06.2022
0
20699

1.Kazanda «Dünýäniň merjeni – 2022» atly XII Halkara açyk talyplar gözellik we zehin bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak talyp gyzlar gatnaşdylar. Türkmenistanly Aýsulu Babaýewa Wise-miss hem-de «Miss ylham» derejelerine mynasyp bolmagy başardy.

2.Aşgabatly konditer Bäşim Soltanow isledik adamy geň galdyrjak hakyky şekillere örän meňzeş tortlary taýýarlaýar. Ussat suratkeş köp ýyllar mundan öň öz ünsüni we zehinini iýilýän suratlara gönükdirmek kararyna gelýär. Şeýlelikde, adamlaryň we haýwanlaryň, dürli goşlaryň we bezeg önümleriniň şekilindäki tortlary taýýarlap başlaýar.

3.Russiýa we Türkmenistan bilelikdäki uniwersiteti dörederler. Bu babatda döwlet Baştutanlary Kremlde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ylalaşdylar. Şeýle hem häzirki wagtda Russiýada 30 müňden gowrak türkmenistanly talyplaryň okaýandygy bellenildi.

4.Türkmenistanly Nazar Atdaýew «Boýun egmezekler» atly halkara taslamasyna gatnaşar. 11-nji iýunda Nazar 14 ýurtdan 100 sany gatnaşyjy bilen birlikde Moskwadan Breste çenli aralykdaky 11 sany uruşda şöhrat gazanan we gahryman şäherlere 13 günlük syýahata gider hem-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna guraljak çärelere gatnaşar.

5.Üç sany türkmenistanly talyplar – Aýnur Jumaşowa, Jumamyrat Myradow we Hojamyrat Orazow M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet unowersiteti tarapyndan guralan «Lomonosow» Uniwersiadasynyň «lingwistika» ugry boýunça ýeňiji boldular.

6.«Dünýäniň birnäçe döwletlerinde maýmynlaryň mama keseliniň hasaba alnandygy bilen baglylykda, sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygy boýunça federal gullugy (Rospotrebnadzor) türkmenistanly hyzmatdaşlara bu keseli laboratoriýa şertlerinde anyklamak üçin «Wektor» ylmy merkezi tarapyndan işlenip düzülen test barlagyny iberer» – diýip, Rospotrebnadzoryň başlygy Anna Popowa belledi.

7.«Amazon» kompaniýasy aýakgaplary wirtual görnüşde deňäp görmek mümkimçiligini hödürledi. Indi alyjylar «wirtual görnüşde geýip görmek» (virtual try-on) mümkinçiliginiň kömegi bilen göwünlerine ýaran görnüşlerini saýlap, kamerany öz aýagyna tutup we bu aýakgabyň özlerine nähili gelişýändigini görüp bilerler.

8.Awstriýanyň «Olymp Cars» kompaniýasy öz hususy platformasynda düzülen özboluşly awtomobilleriň önümçiligine girişer. «Hephaistos» atly täze ulag goşmaça agramlara çydamly we hereketlendirijisiniň mümkinçiliklerini artdyrmaga ukyplydyr hem-de dürli ululykdaky batareýalar bilen işläp bilýär. Kompaniýanyň ilkinji elektromobili 700 km ýol geçmäge ukyply we 350 at güýji bolan «Hermes» kysymy bolar.

9.Malaýziýanyň «Astro Arena HD» teleýaýlymy Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatyna gatnaşmak üçin Kuala-Lumpuryň «Bukit Jalil» stadionynda geçiriljek saýlama duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. Duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 14:15-de başlanar.

10.Şu gün Täjigistanyň umumymilli «Futbol» teleýaýlymy futbol boýunça Aziýanyň Kubogy (23 ýaşa çenli) ugrundaky çempionatyň Awstaliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çärýek final duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:55-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň