Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-fin işewürler maslahaty geçirildi

05:5725.03.2015
0
2672

Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün paýtagtyň “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen işewürler maslahatynyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji duşuşyk özara peýdaly gatnaşyklary, işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary äşgär etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň “Airbus”, “Wellguip Oy”, “Defence & Space”, “Nokia Solutions and Netwoks Oy”, “Eхtron, Uponor Infra Ltd”, “Technology, KPA Unicon”, “Pemamek Oy Ltd”, “Vaisala”, “KPMG Oy Ab” ýaly iri kompaniýalarynyň, şeýle hem Häme we JAMK amaly ylymlar uniwersitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagy Finlýandiýanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalarynyň örän ýokarydygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Maslahatda şeýle görnüşde geçirilýän ilkinji duşuşygyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazmak bilen, Türkmenistan üçin bolşy ýaly, Finlýandiýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu duşuşyk netijeli gatnaşyklary ösdürmekde oňyn usullary gözlemek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda döwletimiziň dünýäniň, şol sanda Finlýandiýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary we önüm öndürijileri bilen netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi göz öňünde tutýan gelejekki meýilnamalary äşgär edildi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar söwda-ykdysady pudagynda, ýangyç-energetika toplumynda, aragatnaşyk ulgamynda, senagatda, daşky gurşawy goramakda, ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda maliýe hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň