Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymyradow türk serialynda çykyş etdi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem-de «ETL» kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar

09:3810.06.2022
0
24314
«Turkish Airlines» Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymyradow türk serialynda çykyş etdi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem-de «ETL» kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar

1. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi sapary bolar.

2. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýakyn günlerde Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite ýolagçy howa gatnawlarynyň aýda 2 gezek amala aşyrylýan sanyny aýda 4 gezege çenli ýetirer. Ýakynda boljak gatnawlar 2022-nji ýylyň 10-njy, 17-nji hem-de 24-nji iýuna meýilleşdirilendir.

3. «Türkmenawtoulaglary» agentligi logistika hem-de maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça hünärmenleri işe çagyrýar. Bu iş orunlary üçin dalaşgärler söhbetdeşlik esasynda kesgitlener. Arzalary şu elektron poçta ibermek bolýar: info@awotulag.gov.tm Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: +(993 12) 39-03-21; +(993 12) 39-03-09.

4. Aşgbatdaky «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasyna wagtlaýyn esasda şertnama boýunça uly hünärmen wezipesine iş orny yglan edildi. Anketalary «ETL» kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümine eltmeli ýa-da işlemäge höwes bildirýän wezipäňizi we familiýaňyzy, adyňyzy we ataňyzyň adyny görkezip jobs@eni.tm elektron poçta salgysyna ibermeli.

5. Türkmen žurnalistleri MediaCAMP Award 2022 atly sebitleýin bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin döwlet, pudaklaýyn hem-de döwlete degişli bolmadyk köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän žurnalistler, fotožurnalistler hem-de wideoşekilleri surata düşürijiler arzalaryny tabşyryp bilerler. Arzalar 2022-nji ýylyň 5-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

6. Dünýäniň iň köp girdejili awtoulag önümçilik kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi. onda sanawda birinji orunda 29,47 milliard dollarlyk girdejisi bilen «Volkswagen AG» kompaniýasy, ikinji orunda 28,26 milliard dollar girdejisi bilen BMW kompaniýasy, şeýle-de üçünji orunda bolsa 26,34 milliardlyk girdejisi bilen «Toyota» kompaniýasy durýar. Bäşligiň soňky iki ornuny bolsa «Mercedes-Benz» (20,18 milliard dollar) hem-de «Ford» (16,61 milliard dollar) kompaniýalary eýeleýär.

7. Hindistanda jöwzaly tomus dowam edýär. Howanyň beýle yssy derejesinden häzirki wagtda ýurduň raýatlary-da, jandarlar hem ejir çekýär. Däneli ekinler bolsa yssy howanyň täsiri netijesinde gurap barýar. Bu günki günde Hindistanda howanyň temperaturasy 50 gradusa çenli ýetdi. Şäherleriň elektrik energiýa kuwwatyna bolsa işledilýän sowadyjylardan ýaňa zyýan ýetýär, şunuň bilen birlikde ýurduň käbir köçeleri jöwzanyň netijesinde howanyň özünden hem beter gyzýar.

8. Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar milli ýygyndysy «Pahtakor-79» futbol toparynyň hormatyna dikilen ýadygärlige bardylar. Türkmen milli ýygyndy toparynyň ähli agzalary 1979-njy ýylda howa-ulag heläkçiligine uçran «Pahtakor» toparynyň hormatyna bu ýerdäki ýadygärlik toplumyna gül desselerini goýdular. Bu hormatlamak çäresi Aziýanyň kubogynyň (U23) çärýek final tapgyrynda Awstraliýanyň ýygyndy topary bilen geçirilmeli duşuşygyň öňüsyrasynda guraldy. Bu duşuşyk 11-nji iýunda Taşkent şäheriniň «Milliý» stadionynda Aşgabat wagty bilen 18:00-da bolar.

9. Döwletjan Ýagşymyradow türkleriň meşhur «Kuruluş: Osman» serialynda çykyş etdi. Ol filmiň 97-nji bölüminde epizodik roly ýerine ýetirdi. Serial ATV teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýär we Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy barada gürrüň berýär. Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda Bellator garyşyk söweş guramasynyň gatnaşyjysydyr. Onuň häzire çenli görkezen netijesi 19 ýeňşe, 7 ýeňlişe, şeýle-de 1 deňme-deňlige barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň