Turkmenportal logo
09.06.22
3479034790
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Eni Türkmenistan Limited» boş iş orunlaryny hödürleýär
«Eni Türkmenistan Limited» boş iş orunlaryny hödürleýär

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy şertnamalaýyn esasda wagtlaýyn hünärmenleri işe çagyrýar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Işe girmek üçin esasy talaplar şu aşakdakylardan ybarat:


— inženerçilik, işewürlik-dolandyryş, halkara hukugy boýunça ýokary bilim;
— iş tejribesi — nebitgaz ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly;
— türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmeli;
— SAP, Microsoft Office, Excel, Outlook programmalaryndan gowy baş çykarmaly.


Işe girmek isleýän dalaşgärler, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda ýerleşýän «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasynyň şahamçasyndan gerekli anketalary alyp bilerler.


Doldurylan anketalar, bildiriş çap edilen gününden başlap, 2 hepdäniň dowamynda ETL-e tabşyrylmalydyr.


Dalaşgärler öz arzalary jobs@eni.tm elektron poçtasyna hem iberip bilerler.


Söhbetdeşlige bildirilýän talaplara laýyk gelýän, öz ugrundan tehribesi ýetik bolan dalaşgärler çagyrylar.