Soňky habarlar

Arhiw

10-njy iýunda Serdar Berdimuhamedow Moskwada Wladimir Putin bilen duşuşar

14:4409.06.2022
0
15612

10-njy iýunda Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de gepleşikleriň netijeleri boýunça Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary onuň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak ilkinji resmi saparydyr. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýakynda umra hajy däp-dessuryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarat saparyny amala aşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň