Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde şu gün Medine şäherine bardy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mukaddes Mekge şäherine baryp umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi.
Iýun aýynyň 1-den 2-sine geçilýän gijede Türkmenistanyň Prezidentiniň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň – Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin örän seýrek mümkinçilik döredildi.
Zyýaratynyň dowamynda döwlet Baştutany mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Şeýle-de üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik aldy.
Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Medine şäherine bardy.
Bu ýerde türkmen wekiliýetini Şazada Muhammet bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Medine welaýatynyň häkimi Faýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Halkara howa menzilinde hormatly Prezident bilen Medine welaýatynyň häkimi Faýsal bin Salman Al Saudyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Soňra türkmen wekiliýeti Muhammet Pygamberiň metjidine baryp, ol ýerde metjidiň hormatyna namaz okadylar.
Mukaddes dessury berjaý edenlerinden soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky wekiliýet Medinäniň Şazada Muhammet bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň Watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan ugrady.
Hormatly Prezidentiň uçary birnäçe sagatdan soňra Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.