Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Malaýziýa duşuşygy Malaýziýanyň iki teleýaýlymda göni ýaýlymda görkeziler

16:1308.06.2022
0
8415

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna malaýziýaly futbolçylar bilen geçiriljek duşuşyk arkaly girişer.

Kuala-Lumpur şäherindäki Milli «Bukit Jalil» stadionynda geçiriljek bu duşuşygy görkezjek teleýaýlymlar belli boldy. Duşuşyk Malaýziýanyň TV9 we Astro Arena teleýaýlymlary tarapyndan göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler. Bu barada teleýaýlymlaryň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň