Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Daşoguz welaýatynyň taryhy we medeni mirasy bilen tanyşdylar

23:5504.06.2022
0
4178

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurduň demirgazyk sebitinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ylmy duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary hem-de iri halkara guramalar, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Türkmenistandaky täsin ýadygärlikleriň birnäçesi saýlanyp alnyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň galalary bar.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde taryhy-arheologik ýadygärlikleriň 125-si bellige alnyp, olar türkmen alymlary, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri tarapyndan öwrenilýär hem-de rejelenilýär. Ýüze çykarylan arheologik tapyndylar muzeýlerde görkezilýär.

Şunuň bilen baglylykda «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde arheologik gazuwagtaryş işleri, üýtgewsiz saklamak, rejelemek boýunça işler geçirilýär, şeýle hem syýahatçylary çekmek we zyýaratçylara şertleri döretmek üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleriniň birinji hepdesinde täsin taryhy gymmatlyklar — ýonulan plitalar görnüşindäki terrakot binagärlik bezegleriniň bölekleri ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy hem-de döwri, olary rejelemek we muzeý gymmatlyklary hökmünde taýýarlamak işleri hünärmenleriň arasynda geçirilen ylmy pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri boldy.

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp gördüler.

Arheologlaryň, taryhçylaryň, rejeleýjileriň, syýahatçylyk işgärleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni grahanalarynyň — hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda meýdan şertlerinde geçirilen okuw maslahatlarynda forumyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň çäklerinde daşary ýurtly hünärmenleriň sanly ulgam arkaly çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, mümkinçilikleri, ylymbilim, medeniýet ulgamlarynda bitirilýän işler, täsin taryhy binagärlik desgalaryny gorap saklamak, şeýle hem ekologiýa ugry boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri çykyşlaryň özenini düzdi.

Gezelençleriň dowamynda foruma gatnaşyjylara Köneürgenjiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy binagärlik ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuwagtaryş işleri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.

Ýewropany we Aziýany, Hindistany we Hytaýy birleşdirip, ady rowaýata öwrülen bu ýol adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly orun eýeläpdir. Türkmenistanyň çäklerinden geçen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegi halklaryň we ýurtlaryň ýakynlaşmaklary üçin kuwwatly itergi bolup, syýasy, söwdaykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanyna bu duşuşygy üstünlikli geçirmäge, netijeli gatnaşyk etmäge hem-de pikir alyşmaga döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini mundan beýläk-de öwrenmek, dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda ähli ukypbaşarnyklaryny, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň