Top.Mail.Ru

Aşgabatda Aleksandr Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçiriler

15:0303.06.2022
0
7768

6-njy iýunda rus halkynyň beýik şahyry Aleksandr Puşkiniň Aşgabatdaky ýadygärligine eýýäm köp ýyllar bäri däbe öwrülen gül goýmak dabarasy bolar.

Bu çäräni Rus diliniň güni hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 223 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy guraýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Konsullygynyň Telegram ýaýlymynda habar berilýär.

A.S.Puşkiniň Aşgabat şäheriniň iň bir täsin ýerleriniň birinde dikilen heýkeli 20-nji asyryň başlarynda inžener Butuzowyň hem-de heýkeltaraş Bertonyň tagallary netijesinde oturdyldy.

A.S.Puşkiniň bu ýadygärligi şahyryň Aşgabatdaky ýeke-täk heýkeli däldir. 2004-nji ýylda A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama teatrynyň öňünde hem şahyryň bürünçden heýkeli ýerleşdirildi. Şeýle-de, 2019-njy ýylda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde rus şahyrynyň heýkeli bina edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň