Turkmenportal logo
01.06.22
1321013210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň döwlet synaglary başlady
Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň döwlet synaglary başlady

1-nji iýundan Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde mekdep okuwçylarynyň gutardyş döwlet synaglary başlandy. Orta mekdepleriň uçurymlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Milli bilim instituty tarapyndan tassyklanan ilkinji döwlet synaglaryny türkmen dili we edebiýaty dersinden düzme ýazmak arkaly tabşyrdylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, uçurymlaryň indiki synaglary 6-njy iýunda «Algebra we analiziň başlangyçlary» dersinden bolar.



«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň indiki döwlet synaglary ynsanperwelik-durmuş bilimleri ugurly gutardyş synplarynda Türkmenistanyň taryhy, takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda fizika, jemgyýeti öwreniş, şeýle-de tebigy bilimler ugurly gutardyş synplar biologiýa derslerinden bolup, döwlet synaglary 18-nji iýunda tamamlanar.