Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

22:2031.05.2022
0
9114

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa ýurduň Pernambuku ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň, süýşgünleriň köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Watan» habarlar ýaly, döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi we ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň