Top.Mail.Ru

Ahaldaky täze şäheriň köçeleriniň biri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atynyň hormatyna atlandyrylar

10:0230.05.2022
0
8005

Ahal welaýatynda peýda bolup gelýän döwrebap şäheriň köçeleriniň biri Akhan diýlip atlandyrylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäheriň gurluşygy bilen tanyşlygynda hem habar berlişi ýaly, tä­ze mer­kez­de ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ak­han at­ly ahal­te­ke be­de­wi­niň heý­ke­li­ni oturt­mak çöz­gü­di ka­bul edil­di. Şun­da aja­ýyp be­de­wiň heý­ke­li­niň otur­dyl­jak şa­ýo­lu­na döw­re­bap at dak­mak bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­na öw­rü­len şöh­rat­ly be­de­wiň heý­ke­li­niň otur­dyl­jak kö­çe­si­niň Ak­han diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di.

Mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy we eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tek­li­bi­ni oň­la­dy­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň