Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kerki howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalaryna tölegsiz ýerüsti hyzmatlary hödürleýär

15:2228.05.2022
0
21823

Kerki halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämilerine ýokary hilli ýerüsti hyzmatlary we ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär. Degişli bildiriş halkara howa menziliniň resmi web-saýtynda ýerleşdirildi.

«Daşary ýurt awiakompaniýalaryny özüne çekmek üçin Kerki halkara howa menzili, ýerüsti hyzmatlary üçin Türkmenistanda iň arzan bahalary kesgitleýär. Kerki halkara howa menzilinde tehniki gonuşlary amala aşyrýan daşary ýurt awiakompaniýalaryň howa gämilerine her gatnawda guýulýan awiaýangyjyň möçberini 15 (on bäş) tonnadan az guýmazlyk şerti bilen, ýangyç guýmak üçin alynýan ýygymdan we aeronawigasiýa ýygymlaryndan başga ähli ýerüsti hyzmatlary mugt ýerine ýetirilýär» diýlip, howa menziliniň resmi web-saýtynda ýerleşdirilen bildirişde bellenilip geçilýär.

Howa menzili bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän awiakompaniýalar aşakda görkezilen salgylar boýunça habarlaşyp bilerler: UTAAZXZX, UTAAZDZX, UTAEBFXX, UTAEZTZX.

  • Elektron poçtasy: kerki.airport@sanly.tm kerki.pdsa@gmail.com
  • Telefon belgileri: +993 444 2-59-55.

Belläp geçsek, Kerki halkara howa menzili Türkmenabat-Kerki awtoulag ýolunyň we şäher demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşýär. Kerki howa menziliniň geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen bolup 2021-nji ýylyň iýun aýynda işe başlady.

Şunuň bilen baglylykda, Kerki halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny, şeýle hem, howa menzili toplumynyň açylyş dabarasynda halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň Mýünhen halkara howa menzili tarapyndan Kerki halkara howa menziline gowşurylandygyny bellemek gerek. Bu resminama, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň (1944-nji ýyldaky «Çikago konwensiýasy») 14-nji goşundysyna laýyklykda meýilnamalaşdyrmak we dizaýn bilen baglanyşykly ähli howa menzilleriniň parametrlerini, fiziki aýratynlyklaryna, aerodromlaryň işleýşine we hyzmat edilmegine bolan talaplary, şeýle hem ulanylan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş we beýleki zerur ulgamlar halkara kadalaryna we ülňilerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Terminalyň umumy meýdany 2221 m² metre deňdir. Binada ýolagçy hyzmatlary üçin ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir. Gidiş zaly (ýygnalýan ýer) kafeteriý, ene we çaga otagy we namaz okalýan otagy bolan 120 orun üçin niýetlenendir. Ýolagçylar üçin goşlary almagyň zaly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem CIP toparlary we ýolagçylar üçin hyzmat zolagy bar, ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Terminalyň goýberiş ukyplylygy sagatda 100 ýolagçydyr. Ýolagçy terminalynyň binasy, iki gatda, terminal binasynyň ähli göwrüminden ýokary çykýan we agdyklyk edýän enjamlaşdyrylan dolandyryş diňi bilen gurlupdyr. Dolandyryş diňiniň beýikligi – 31,7 metr.

Howa menzilinde uzynlygy 2700 metr we ini 60 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagy ulanylýar. Iş giňligi 45 metrden (her tarapynda 7,5 metrden), uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) gyralarynda uçarlary öwürmek üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. «D» kody bilen ýazylan perron, öz hereketlendirijileri bilen işleýän iri göwrümli uçarlary (laýnerleri) sürmek mümkinçiligi bolan iki uçaryň duralgasy üçin niýetlenendir. Dikuçarlar üçin 4 sany duralgalar bar.

Perronlaryň ölçegleri 165 x 240 metr. Uçuş ýolunyň uzynlygy - 202 metr, ini - 44 metr, iş giňligi - 10,5 metrden (her tarapynda 10,5 metrden).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň