Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamy bilen tanyşdy

23:3826.05.2022
0
1225

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde dikuçarda Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, guşuçar belentlikden sebitiň çäklerinde bar bolan suw akabalary, Türkmen derýasynyň we Şasenem derýasynyň ugurlary görünýär.

Döwlet Baştutany welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, uçuş mahaly ýanynda bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi Annageldi Ýazmyradowa sebitiň suwaryş ulgamlaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak işleriniň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentiň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, tutuş ýurtda, aýratynda Daşoguz welaýatynda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň aralygyndaky amatly hasaplanylýan künjekde uly göwrümli suw howdanyny gurmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki döwürde welaýatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iri göwrümli suw howdanlaryny gurmak, şeýle hem häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Şasenem derýasynyň akabasyna beton örtügini düşemek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulýan çäreleriň netijesinde, Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi düýpli gowulandyrylar.

Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary häzirki zamanyň ösen tejribeleri esasynda yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi we bu babatda A.Ýazmyradowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Habar berşimiz ýaly, Hökümetiň şu gün geçirilen göçme mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa berk käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň