Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna käýinç yglan edildi

22:4926.05.2022
0
6935
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna käýinç yglan edildi

Şu gün Daşoguz welaýatyna sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň