Turkmenportal logo
26.05.22
93969396
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda saparda bolýar
Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda saparda bolýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Daşoguz welaýatyna bardy. Halkara howa menzilinde döwlet Baştutany aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylandy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Daşoguz welaýatyna saparynyň birinji güni Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi, şeýle-de welaýatyň çäklerindäki Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurduň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.