Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi

22:1826.05.2022
0
6418
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi
Surat: TDH

Şu gün Daşoguz welaýatyna sapar bilen baran hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurduň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentiň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler, şeýle-de Türkmengaz” döwlet konsernine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli edara-kärhanalardaky iş orunlarynyň işgärler bilen üpjünçiligi barada;

wise-premýer Ç.Gylyjow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemegiň we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy barada;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada;

wise-premýer E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň maksatnamasy hem-de ulanmaga beriljek durmuş medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada;

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleriniň Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada;

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada;

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada;

wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, olar boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hormatly Prezidente Daşoguz welaýatyna sapar bilen gelendigi üçin sebitiň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem häkim ýurduň demirgazyk sebitinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, 145 müň gektar meýdanda bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirildi, hasyly ýygnamak üçin däne ýygýan kombaýnlaryň 428-sini, galla kabul ediş nokatlarynyň 28-sine hasyly daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň 2135-sini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem häkim pile öndürmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barada habar berdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda amala aşyrylýan ähli işleri, şol sanda durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça kabul edilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde kesgitlenilen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hökümetiň göçme mejlisinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň