Soňky habarlar

Arhiw

«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi 200 töweregi ýük awtoulagyny galla oragyna taýýarlaýar

11:3224.05.2022
1
4129

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň işçi-hünärmenleri garamagyndaky awtoulaglary galla oragy möwsümine birkemsiz taýýarlaýarlar. 2022-nji ýylyň galla oragy möwsümine çenli, 200 töweregi dürli kysymly kuwwatly ýük awtoulagyny taýýarlyk hataryna çykarmagy meýilleşdirýärler. Olar awtoulaglary bejermek üçin gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary, çalgy ýaglary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir. Döredilen şertler tehnikalary ýokary hilli abatlap, galla oragy möwsümine kemsiz taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ykjam gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýlan awtoulaglar galla oragynda ýygnalan bereketli bugdaý hasylyny öz wagtynda harmanhanalara daşamakda göwnejaý hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň