Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi geçirildi

11:2623.05.2022
0
4999
Tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi geçirildi

Türkmen paýtagtynda sportuň uly tennis görnüşi boýunça ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda Aşgabadyň birinjiligi geçirildi. Tennis ýaryşy Türkmenistanyň tennis federasiýasy, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de 9-njy, 10-njy, 11-nji we 13-nji sport mekdepleri tarapyndan guraldy.

Ýaryş türegenleriň ýekeleýin hem-de ikileýin gatnaşmagy boýunça geçirildi. Ýaryşyň ýeňijisi diýen baýrakly orun üçin 76 türgen özara bäsleşdi. Duşuşyklaryň esasy emini hem-de Aşgabadyň tälimçisi hökmünde Jennet Hallyýewa çykyş etdi.

Birinjiligiň netijeleri boýunça ýekeleýin kategoriýada gyzlaryň arasynda birinji orna Aýşa Bikbulatowa, ýetginjekleriň arasynda bolsa Allanur Daýanjow mynasyp boldy.

Aýşa Bikbulatowa ikileýin kategoriýada hem Rožan Karajaýewa bilen esasy baýrakly orna eýe boldy. Ýetginjeklerden hem Allanur Daýanjow bilen Allanur Garryýew ýaryşyň degişli kategoriýa boýunça ýeňijileri bolmagy başardylar.

Aşgabadyň tennis boýunça Birinjiligi «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda 18 — 22-nji maý aralygynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň