Eýranyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy CAFA-nyň ýaryşynda çempion boldy

23:5520.05.2022
0
3061

Eýranyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu barada Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Final duşuşygynda eýranly futbolçylar täjigistanly garşydaşlaryny 7:0 hasabynda ýeňdiler. Ugurdaş duşuşykda bolsa Özbegistan Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Geçirilen duşuşyklarda Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň ikisi hem 10 utuk toplady. Ýöne pökgi artykmaçlygy eýranly futbolçylary ýaryşyň birinji basgançagyna çykardy. Özbegistanyň futbolçylarynyň ikinji orny eýelän ýaryşynda täjigistanlylar ilkinji üçlügi jemlediler.

Ýaryşyň arassa oýun üçin goýlan baýragyna Gyrgyzystanyň ýetginjekleri mynasyp boldy. Owganystanyň ýygyndysy bolsa ýörite baýraga mynasyp görüldi.

Duşuşyklarda 7 gezek tapawutlanan özbegistanly futbolçy Amirbek Saidow ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy. Iň gowy oýunça goýlan baýraga bolsa eýranly Reza Ghandipur mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň