Perunyň hökümeti 20-nji maýdan başlap, ýurtda maýmyn mamasy keseli sebäpli sanitar ynjalyksyzlanma yglan etmek kararyna geldi.
“Döwletiň çäginde bu kesel ýokuşan bir adam hem hasaba alynmadyk bolsa-da, hökümet islendik garaşylmadyk ýagdaýa taýýar bolmak maksady bilen şeýle karara geldi diýip, saglygy goraýşy ministri Horhe Lopes Penýu beýanat berdi diýip, “El Comercio” habar berdi.
Ministr şeýle-de Saglygy goraýyş ministrliginiň bu kesele garşy sanjym satyn almak kararyna gelendigini aýtdy. Häzirki güne çenli maýmyn mamasy Ýewropa döwletleriniň birgideninde ýüze çykaryldy.
Maýmyn mamasy seýrek ýokanç bolup, ol adama haýwanlardan geçýär, onuň alamatlary öň hasaba alnan adaty mama keseliniňkä meňzeş bolup, ondan az howpludyr. Bu barada RIA “Nowosti” ýazýar.