Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçiriler

21:5619.05.2022
0
3549

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamynda işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, şeýle-de täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek hem-de «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer 21 — 25-nji maýda «Türkmen teatr sungaty» festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, onuň çäklerinde Aşgabatdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň geçiriljekdigini habar berdi. Festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanynyň garamagyna festiwaly geçirmegiň meýilnamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany teatr festiwalyny guramak baradaky gürrüňe geçip, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, Türkmenistanyň teatr sungatynyň gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň