Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň Ýaponiýada geçirilmegi mümkin

23:5718.05.2022
0
3103

Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasy 2023-nji ýyldaky Aziýanyň kubogyny geçirmek barada resmi däl teklip aldy.

«Teklibi aldyk. Eger ýaryşy geçirmek Ýaponiýa ynanylsa, gürrüňsiz, bu biziň üçin belent mertebe bolar» diýip, assosiasiýanyň prezidenti Kodzo Taşima aýtdy. Onuň bu sözleri «Reuters Nikkan Sports» neşirinde getirilýär.

Hytaýyň ýakynda koronawirus pandemiýasyndan heder edip, yklym ýaryşyny geçirmekden ýüz öwrendigini ýatladýarys. 2019-njy ýyldaky Aziýanyň kubogy bolsa Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň