Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary Halkara taryhçylary mekdebiniň «Молодежь в диалоге культур и цивилизаций» atly ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Jeyhun.news saýtynda habar berilýär.
Bu maslahat Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti tarapyndan guraldy. Oňa şeýle-de Russiýanyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinden wekiller gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinden gatnaşan wekiller maslahatda «Искусство ковроделия Туркменистана», «Джелаледдин Менгбурун - герой туркменского народа» we «Особенности средневековых памятников Куня-Ургенча: место и роль в истории» diýen mowzukdaky nutuklar bilen çykyş etdiler diýip, çeşmede bellenilýär.