Arhiw

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärlerine belgili şahsy möhür berler

09:3416.05.2022
0
11498
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärlerine belgili şahsy möhür berler

Şu gün «Türkmenistan» gazetinde «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi we Kanunyň rejelenen görnüşi güýje girdi. Kanunyň rejelenen görnüşinde Gümrük gullugynyň işgärlerine şahsyýetini we eýeleýän wezipesini tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşanlary, şeýle hem belgili şahsy möhür berler.

Şol şahsyýetnamanyň we belgili şahsy möhüriň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanýar.
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky kanunyň 3-nji maddasynyň bäşinji bölegine degişli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň