Top.Mail.Ru

Aşgabatda geljek annada Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berler

21:2815.05.2022
0
7028

«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşdy.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda BAE-niň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň täze saýlanan Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagynyň bu ýurduň halky üçin uly ýitgi bolandygyny nygtap, onuň haýyr-sahawatlyk we ynsanperwerlik işlerini bitirip, tutuş yslam dünýäsinde yz goýandygyny belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow onuň Aşgabat şäherindäki metjidiň, «Döwletliler köşgüniň», «Ene mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, şeýle «Döwletliler köşgüne» haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda merhumyň geljek annada Aşgabatda onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow emirlikler halkyna agzybirlik, merhumyň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlaryna ruhy durnuklylyk, sabyr kanagatlylyk dileg edip, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Öz gezeginde Şeýh Muhammed Al Nahaýýan uzak ýoldan öz gynanjyny bildirmäge gelendigi üçin türkmen wekiliýetine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň