2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýokary federal geňeşi Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň täze Prezidenti saýlady. Bu barada «WAM» web saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Geňeşiň mejlisine Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktum başlyklyk etdi. Ol hem wagtlaýynda ýurduň döwlet baştutany wezipesini alyp bardy. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň biragyzdan, gutarnykly gelen netijesine laýyklykda, Konstitusiýanyň 51-nji maddasyna görä, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň täze Prezidenti hökmünde saýlandy.
«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji maýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan biwagt aradan çykypdy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň täze Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan 1961-nji ýylyň 11-nji martynda El-Aýn şäherinde dünýä indi. Ol BAE-niň esaslandyryjysy we birinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň 3-nji ogludyr.
Belläp geçsek, BAE döredilenden bäri bu ýokary döwlet wezipesi Abu-Dabiniň Emirine berilýär. Emirligiň Prezidenti şol bir wagtda BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşy, şeýle-de Ýokary goranmak geňeşiniň Başlygydyr.
Birleşen Arap Emirliklerinde döwlet baştutany Prezident bolup, ol ýurduň 7 emirliginiň dolandyryjylaryndan ybarat bolan Ýokary federal geňeşi tarapyndan 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar.