«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmk üçin Abu-Dabi şäherinde boldy.
Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetini BAE-niň Abu-Dabi şäheriniň halkara howa menzilinde bu ýurduň energetika, strategik ösüş ministri Suheýil Al Mazrouy garşylady.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýh Halifa Ben Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy barada çuňňur gynanjyny beýan edip, tutuş türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçy düzümine hem-de halkyna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini ýetirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kabul edişlik merkezinde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň uly ogly Şeýh Soltan Bin Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň täze saýlanylan Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan, Berdimuhamedow BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyp, gudraty güýçli Allatagalladan şu agyr pursatda BAE-niň halkyna ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk dileg etdi we merhumyň ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidentiniň Türkmenistanda giňden tanalýandygyny, onuň biziň ýurdumyz üçin haýyr-sahawatlyk babatda ägirt uly işleri bitirendigini aýratyn belledi. Onuň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny belledi.
BAE-niň resmi adamlary Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryna şu agyr pursatda uzak ýoldan öz gynanjyny bildirmäge gelendigi üçin ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň adyny göterýän Şeýh Zaýed metjidine baryp gördüler we ol ýerde aýat-doga okadylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow metjitde goýlan Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg edip, ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Metjidiň wekili Gurbanguly Berdimuhamedowa bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hem-de dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän kitaplary gowşurdy.
Soňra türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine degişli bolan Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada tarap ugrady.
Şeýle-de, okaň!